Kuşadasyna Ýylyň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi

“Viking Sky” gämisiniň esasy bölegi britaniýaly we amerikaly 841 ýolagçy bar.

1926318
Kuşadasyna Ýylyň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi

Kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etabyna 2023-nji ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.

Norwegiýanyň baýdagyny göterýän 228 metr uzynlygyndaky ýolagçy gämisi ertiriň irki sagatlarynda Egeý portyna geldi.

“Viking Sky” gämisiniň esasy bölegi britaniýaly we amerikaly 841 ýolagçy bar.

Egeý portunyň Baş müdüri Aziz Güngör, düýn 2022-nji ýylyň soňky gämisiniň hem Norwegiýadan gelendigini belledi.

Türkiýä gelýän kruiz gämileriniň sanynyň 2023-nji ýylda has-da artmagyna garaşylýandygyny nygtan Güngör, “2023-nji ýylda ýolagçy sanynyň 1 milliondan geçmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar