Argentina Ýarym Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Horwatiýany 3-0 hasabynda ýeňen Argentina final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

1918541
Argentina Ýarym Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Argentina bilen Horwatiýa 2022 FIFA dünýä kubogynyň ýarym final bäsleşiginde duşuşdy.

Duşuşykda bäsdeşi Horwatiýany 3-0 hasabynda ýeňen Argentina final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Kataryň paýtagty Dohadaky Lusail stationynda bolan duşuşygy italiýaly emin agza Daniele Orsato gönükdirdi.

Argentina,18-nji dekabrda ýekşenbe güni oýnaljak final bäsleşiginde Fransiýa-Marokko duşuşygynyň ýeňiji bilen Lusail stadionynda duşuşar.

Duşuşyk Türkiýe wagty bilen 18.00-da başlar.

 



Degişli Habarlar