2022 FIFA Dünýä Kubogy Katarda Dabaraly Ýagdaýda Açyldy

Açylyş dabarasyna 60 müň janköýer gatnaşdy.

1908508
2022 FIFA Dünýä Kubogy Katarda Dabaraly Ýagdaýda Açyldy
FIFA World Cup Qatar 2022  5
FIFA World Cup Qatar 2022 4
FIFA World Cup Qatar 2022 3
FIFA World Cup Qatar 2022 2
FIFA World Cup Qatar 2022 erdogan

2022 FIFA dünýä kubogy, Kataryň paýtagt Dohada dabaraly ýagdaýda açyldy.

Ilkinji gezek arap ýurdunda geçirilýän futbolyň milli komandalar derejesindäki iň uly guramaçylygy Al Baýt stationynda dabaraly ýagdaýda başlady.

Açylyş dabarasyna 60 müň janköýer gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani hem çykyş etdi.

Al Baýt stationynda geçirlen açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani we beýleki döwlet we hökümet baştutanlary bilen birlikde Katar bilen Ekwadoryň arasynda oýnalan 2022 FIFA Dünýä kubogynyň açylyş bäsleşigine tomaşa etdi.

FIFA dünýä kubogynda 32 komanda jemi 64 gezek duşuşyk geçirer.

Dünýä kubogy 18-nji dekabrda final bäsleşigi bilen tamamlanar.

 


Etiketkalar: #Katar , #açylyş , #FIFA 2022

Degişli Habarlar