“Hoz Agajy” Filmi Braziliýadan Baýrak Aldy

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT tarapyndan surata düşürlen film 22-nji baýragyny Braziliýadan aldy.

1903829
“Hoz Agajy” Filmi Braziliýadan Baýrak Aldy

Kino-režisýor Faýsal Soýsalyň “Hoz Agajy” filmi, Halkara VI Braziliýa kino film festiwalynda “Iň gowy film” baýragyna laýyk görüldi.

Baş rollarynda Serdar Orçiniň, Sezen Akbaşogullarynyň, Kübra Kipiň, Mert Ýawuzjanyň, Şebnem Dilligiliň we geçen hepde aradan çykan Ryza Akynyň ýer alan filmi daşary ýurtlarda geçirilýän festiwallarda baýrakly orunlara mynasyp bolmaga dowam edýär.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT tarapyndan surata düşürlen film 22-nji baýragyny Braziliýadan aldy.

Kino film Adana XXVII film festiwaly, Torino film festiwaly, Balkan Panorama film festiwaly we VI London festiwaly bilen birlikde birnäçe festiwaldan baýrak aldy.

“Hoz Agajy” filmi İtaliýada noýabr aýynyň 28-i bilen dekabr aýynyň 3-i aralygynda geçirlen Salerno film festiwalynda hem baýrakly oruna minasyp bolupdy.

Eýranda görkezilýän film 10-njy noýabrda Londonda görkezilmäge başlanar.



Degişli Habarlar