Woleýbolçy Gyzlar Ertir Germaniýa Bilen Bäsleşer

Polşanyň Lodz şäherindäki sport arenada geçiriljek bäsleşik Türkiýe wagty bilen 20.00-da başlar.

1887563
Woleýbolçy Gyzlar Ertir Germaniýa Bilen Bäsleşer

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FIVB dünýä çempionadynyň ikinji tapgyrdaky ilkinji bäsleşiginde ertir Germaniýa bilen bäsleşer.

Polşanyň Lodz şäherindäki sport arenada geçiriljek bäsleşik Türkiýe wagty bilen 20.00-da başlar.

B toparynyň lideri hökmünde soňky 16-lyga gatnaşmaga hukuk gaznanan Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, çempionadyň ikinji tapgyrynda F toparynda bäsleşer.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy bu toparda ABŞ, Serbiýa, Germaniýa we Kanada bilen bäsleşer.

Woleýbolçy gyzlar ikinji tapgyrda ilkinji 4 topardan biri bolan halatynda çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazanar.


Etiketkalar: #tapgyr , #Polşa , #woleýbol

Degişli Habarlar