TEKNOFEST Gara Deňiz Samsunda Dowam Edýär

Şu ýyl 5-njisi geçirilýän festiwala uly gyzyklanma görkezilýär

1875250
TEKNOFEST Gara Deňiz Samsunda Dowam Edýär
teknofest.jpg
teknofest.jpg

Dünýäniň iň uly awiasiýa, emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly bolan TEKNOFEST Gara Deňiz Samsun şäherinde geçirilýär

Türkiýäniň Tehnalogiýa Topary Gaznasy bilen Senagat we tehnalogiýa ministrligi tarapyndan geçirilýän TEKNOFEST Gara Deňiz, Samsunyň Çarşamba howa menzilinde geçirilýär.

Şu ýyl 5-njisi geçirilýän festiwala uly gyzyklanma görkezilýär

30-njy awgustda dabaraly ýagdaýda açylan festiwalyň birinji güni 110 müň, ikinji güni 95 müň adam, üçünji gününde bolsa 120 müň adam geldi.

4-nji sentýabra çenli dowam etjek festiwalda tehnalogiýa bäsleşikleri we awia akrobatiýa çykyşlary görkeziler.

TEKNOFEST Gara Deňiz festiwalynda döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň ýerli mümkinçilikler bilen öndüren elektrik togy bilen işleýän ulaglary hem sergilenýär.

 

 



Degişli Habarlar