THÝ käbir daşary ýurt uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini uzatdy
THÝ sosial media hasabyndan beýanat berdi
Türk howa ýollary kärhanasy, Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän hüjümleri sebäpli Ukrainanyň howa giňişliginiň raýat uçarlaryna ýapylmagy sebäpli Ýekaterenburg, Minsk, Soçi, Ukraina we Rostow ýaly nokatlar üçin ozal kabul eden uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini 31-nji awguta çenli uzadylandygyny habar berdi.
THÝ-nyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli Ýekaterenburg, Minsk, Soçi, Ukraina we Rostow nokatlary üçin uçar saparlarymyz togtadyldy" diýip mälim edildi.
Beýanatda üýtgetmek we yzyna gaýtaryp bermek ýaly işleriň şahamçalardan, THÝ-nyň saýtyndan ýa-da "0 850 333 0 849" belgili telefon nomerinden amala aşyrylyp bilinjekdigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
Antalýa Gelýän Kruiz Gämileriniň Sany Köpelýär
Antalýanyň Alanýa etrabyna bolsa ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.