Eltemur Doganlar Altyn Medalyň Eýesi Boldy

Iki dogan Ýewropa Karate çempionadynda birlikde altyn medalyň eýesi boldy

1834045
Eltemur Doganlar Altyn Medalyň Eýesi Boldy

Milli türgen Eda Eltemur, Ýewropa Karate çempionadynyň final bäsleşiginde 68 kilogram agyrlykda Slowakiýaly Miroslawa Kopunowa bilen bäsleşdi.

Gaziantepde Şahinbeý sport zalynda geçirlen bäsleşikde Eda bäsdeşini 2-0 hasabynda ýeňip Ýewropanyň çempiony boldy.

Erkekleriň arasynda 75 kilogram agyrlykda bäsleşen milli türgen Ermen Eltemuur hem Britaniýaly Brian Wilkinsi ýeňip altyn medalyň eýesi boldy.

Şeýlelikde iki dogan Ýewropa Karate çempionadynda birlikde altyn medalyň eýesi boldy

 



Degişli Habarlar