Kuşadasy etrabyna 4 kruiz gämisi geldi

Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna düzüminde 2 müň 800 ýolagçy bolan 4 kruiz gämisi geldi

1821960
Kuşadasy etrabyna 4 kruiz gämisi geldi

Egeý Port Kuşadasy deňiz menziline şu gün irden uly kruiz gämileri bolan Bagamanyň baýdagyny göterýän "Seabourn Encore", Marşal adalarynyň baýdagyny göterýän "Sirena", Bagamanyň baýdagyny göterýän "Star Pride" we Norwegiýanyň baýdagyny göterýän "Viking SKY" atly kruiz gämileri bir wagtda geldiler. 

Aglabasy ABŞ-nyň raýaty bolan 2 müň 800 syýahatçynyň aglaba bölegi, gümrük işlerinden soň Efes gadymy şäheri bilen Merýem Ene öýüne zyýarat etmäge gitdiler. Syýahatçylyk programmasyna gatnaşmaýan syýahatçylar bolsa şäheriň merkezine gezelenç etdiler. 

Global Ports Holding Gündogar Ortaýer deňizi sebitleýin müdüri we Kuşadasy Egeý Port deňiz menziliniň baş müdüri Aziz Göngör metbugat işgärlerine beren beýanatynda şu aý 74 kruiz gämisiniň etraba gelmegine garaşýandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar