25 Aý Soň Aýwalyga Midilli Adasyndan Ilkinji Syýahatçylar Geldi

Midilliden ertiriň irki sagatlarynda ýola çykan 3 gämi, 1 sagatlyk ýolagçylykdan soň 154 ýolagçysy bilen Awalyga geldi.

1812656
25 Aý Soň Aýwalyga Midilli Adasyndan Ilkinji Syýahatçylar Geldi

Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etraby, taze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 25 aý arakesme berilmeginden soň 12-nji aprelde ýaňadandan başlan gämi gatnawy bilen Gresiýanyň Midilli Adasyndan gelen syýahatçylary kabul etmäge başlady.

Midilliden ertiriň irki sagatlarynda ýola çykan 3 gämi, 1 sagatlyk ýolagçylykdan soň 154 ýolagçysy bilen Awalyga geldi.

Syýahatçylar, portda güller bilen garşylandy.

Grek syýahatçylardan Dina Orfanu, žurnalistlere beren beýannamasynda, birnäçe aý soň dostlaryny görmek üçin Aýwalyga gelendigini beleldi.

Syýahatçylardan Franko Otilis bolsa 1980-njy ýyldan bäri Türkiýä gelendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar