Dünýäniň Iň Uly Kruiz Gämilerinden Biri Kuşadasyna Geldi

Regal Princess gämisi Kuşadasyna 9 sapar gurar

1808364
Dünýäniň Iň Uly Kruiz Gämilerinden Biri Kuşadasyna Geldi

Regal Princess atly kruiz gämisi, 2 müň 460 ýolagçysy bilen kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna geldi.

Ege portuna gelen amerikaly syýahatçylaryň bir bölegi Izmir welaýatynyň Selçuk etrabyndaky Gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Syýahatçylaryň bir bölegi bolsa Kuşadasyna bazaryna bardy.

Ege portunyň Baş müdüri Aziz Güngür, täze möwsümde kruiz gämileriniň Kuşadasyna gelmäge dowam etjekdigini nygtap “Şu gün portumyza 330 metr uzynlygyndaky iň uly kruiz gämilerinden biri bolan Regal Princess gämisi geldi. Gämi bu möwsüm Kuşadasyna 9 sapar gurar” diýdi.

 



Degişli Habarlar