Kruiz Gämileri Kuşadasyna Gelmäge Başlady

1114 syýahatçynyň bir bölegi Izmiriň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

1807782
Kruiz Gämileri Kuşadasyna Gelmäge Başlady

Kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyndaky porta 1114 ýolagçysy bilen iki gämi geldi.

"Norwegian Jade" we "Emerald Azzurra" atly iki kruiz gämisi Ege portuna geldi.

Esasy bölegi amerikaly bolan 1114 syýahatçynyň bir bölegi Izmiriň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Syýhatçylaryň bir bölegi bolsa Kuşadasynyň bazaryndan sowgatlyk satyn aldy.

Ege portunyň Baş müdüri Aziz Güngor, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň täsiriniň azalmagy bilen birlikde 2022-nji ýylda esasan Kuşadasy portuna has köp kruiz gämisiniň gelmegine garaşýandyklaryny belledi.

 


Etiketkalar: #Izmir , #Kuşadasy , #kruiz

Degişli Habarlar