THÝ dört ýurda guran uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini uzatdy

Türk howa ýollary kärhanasynyň sosial media hasabyndan beýanat berildi

1796571
THÝ dört ýurda guran uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini uzatdy

Türk howa ýollary kärhanasy uçar saparlaryny togtatmak baradaky kararynyň möhledini Ukraina we Moldawiýa döwletleri we şeýle hem Russiýanyň Rostow we Soçi şäherleri üçin 10-njy aprele çenli, Belarussiýa üçin bolsa 31-nji marta çenli uzatdy. 

Türk howa ýollary kärhanasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "2022-nji ýylyň 10-njy apreline çenli Ukraina, Moldawiýa döwletlerine, şeýle hem Russiýanyň Rostow we Soçi şäherlerine guran uçar saparlarymyzy goý bolsun etdik. 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli bolsa Belarussiýa guraýan uçar saparlarymyzy goý bolsun etmek baradaky kararymyzyň möhledini uzatdyk. Çalyşmak we yzyna tabşyrmak işlerini şahamçalarymyzdan, saýtlarymyzyň üsti bilen ýa-da '0 850 333 0 849' belgeli telefondan amala aşyryp bilersiňiz" diýip mälim edildi. 


Etiketkalar: #uçar sapary , #THÝ

Degişli Habarlar