Aýwalyk-Lesbos ýolagçy gämi saparlary başladylar

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 ýyl ozal bes edilen Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etraby bilen Gresiýanyň Lesbos adasynyň arasyndaky ýolagçy gämi saparlary ýaňadandan başladylar

1775897
Aýwalyk-Lesbos ýolagçy gämi saparlary başladylar

Aýwalyk-Lesbos arasynda ýolagçy gämi saparlaryny guraýan bir firmanyň eýesi we Deňiz söwda palatasynyň Aliaga şahamçasynyň Mejlisiniň agzasy Ali Žale, çäklendirmäniň 7-nji fewraldan başlap ortadan aýyrlmagy bilen baglanşykly žurnalistlere interwýu berdi.  

Žale, ýylda takmynan 170 müň ýolagçynyň daşalýan Aýwalyk-Lesbos ýolagçy gämi saparlarynyň açylmagynyň sebitiň syýahatçylygyna örän uly ykdysady girdeji getirjekdigini habar berdi. 

Aýwalyk-Lesbos arasynda 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri saparlaryň guralmaýandygyny ýatladan Žale, saparlaryň käbir tehniki näsazlyklaryň çözülmeginden soň mart aýynda başlap biljekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar