Erjiýes Liža Merkezi, Ýewropanyň Iň Gowy Liža Merkezi Bolmak Üçin Liwingo Bilen Bäsleşer

Erjiýes dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan İtaliýanyň Liwingo liža merkezi bilen bäsleşer

1769916
Erjiýes Liža Merkezi, Ýewropanyň Iň Gowy Liža Merkezi Bolmak Üçin Liwingo Bilen Bäsleşer

Erjiýes liža merkezi, Ýewropanyň iň gowy liža merkezi bolmak üçin bäsleşýär.

Kaýseriniň şäher häkimi Memduh Büýükkylyç mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, merkezi Britaniýada ýerleşýän "go4ski.jom"un her ýyl Ýewropadaky saýlama liža merkezleriniň arasynda ýörite bäsleşik geçirýändigini aýtdy.

Şu ýyl bäsleşige gatnaşýan Kaýseri Erjiýes liža merkeziniň hem final bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanandygyny aýdan Memduh Büýükkylyç, sosail media arkaly geçirilýän bäsleşikde Erjiýesiň dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan İtaliýanyň Liwingo liža merkezi bilen bäsleşjekdigini belledi.



Degişli Habarlar