Pekinde geçiriljek 2022 Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Türkiýä 7 türgen wekilçilik eder

Türkiýäniň Milli Olimpiýa komiteti beýanat berdi

1765032
Pekinde geçiriljek 2022 Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Türkiýä 7 türgen wekilçilik eder

Türkiýäniň Milli Olimpiýa komitetinden berilen beýanata görä, lyža boýunça geçiriljek ýaryşlara 6 türgen we buzda typmak boýunça geçiriljek ýaryşa bolsa 1 türgen gatnaşar. 

Dag lyžasy boýunça geçiriljek ýaryşlara Özlem Çakyrogly we Berkin Usta, tramplinden bökmek boýunça geçiriljek ýaryşa Fatih Arda Ipçiogly, trassada lyža bilen ylgamak boýunça geçiriljek ýaryşlara Özlem Jeren Dursun, Aýşenur Duman we Ýusuf Emre Fyrat ýaly türgenler gatnaşar. 

Buzda 1000 metr aralykda typmak boýunça geçiriljek ýaryşa Furkan Akar, Pekinde geçiriljek 2022 Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Türkiýä wekilçilik eder. 



Degişli Habarlar