Albaniýada Türk Kino-Filmleriniň Hepdeligi Başlady

Türk kino-filmleriniň hepdeligi 26-njy noýabra çenli dowam eder

1737391
Albaniýada Türk Kino-Filmleriniň Hepdeligi Başlady

Albaniýanyň paýtagty Tiranda Ýunus Emre instituty tarapyndan geçirilýän, Türk kino-filmleriniň hepdeligi başlady.

Paýtagt Tiranda geçirlen hepdeligiň açylyş dabarasynyň çäginde “7-nji Koguşdaky Mujize” filmi görkezildi.

Hepdeligiň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Albaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Murat Ahmet Ýörük we Ýunus Emre institutunyň Tirandaky müdüri Ömer Osman Demirbaş bilen birlikde köp sanly myhman gatnaşdy.

26-njy noýabra çenli dowam etjek hepdeligiň çäginde “Biziň üçin çempion”, “Rafadan Taýfa Dehlis Majerasy”, “Af” we “Nasipse Adaýyz” filmleri görkeziler.



Degişli Habarlar