Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy geçirjek duşuşyklaryna taýarlyk görýär

Duşuşyklaryň ikisi hem TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler

1731733
Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy geçirjek duşuşyklaryna taýarlyk görýär

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 2022 FIFA Dünýä kubogynyň Ýewropadaky saýlama oýunlarynyň G toparynda Gibraltar we Çernogoriýa bilen geçirjek duşuşyklarynyň taýarlyklaryny dowam etdirýär. 

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy günüň ilkinji taýarlygyny ýapyk zalda geçiren bolsa, ýygyndy taýarlygyny soň bolsa açyk meýdanda geçirdi. 

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 2022 FIFA Dünýä kubogynyň Ýewropadaky saýlama oýunlarynyň G toparynda soňky 2 duşuşygyny geçirer. 

13-nji noýabrda şenbe güni Stambulda Gibraltaryň ýygyndysy bilen duşuşyk geçirjek Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy, 16-njy noýabrda bolsa garşydaşynyň meýdançasynda Çernogoriýa bilen oýnar. 

Duşuşyklaryň ikisi hem TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler. 



Degişli Habarlar