Horwatiýada Türk Kino-Filmleriniň Hepdeligi Geçirilýär

Türk kino-filmleriniň hepdeligi 6-njy noýabra çenli dowam eder.

1728898
Horwatiýada Türk Kino-Filmleriniň Hepdeligi Geçirilýär

Horwatiýanyň paýtagty Zagrebde Türk kino-fimleriniň hepdeligi geçirilýär.

Şu ýyl 9-njysy geçirilýän hepdelik Mehmet Ada Öztekiniň “Ýedinji Koguşdaky Mujize” filmi bilen başlady.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde Horwat-Türk dostluk jemgyýeti we Zagreb Ýunus Emre instituty tarapyndan geçirilýän medeni çäreniň çäginde 7 türk kino-filmi görkeziler.

Türk kino-filmleriniň hepdeliginiň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Horwatiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Babür Hyzlan, Horwat-Türk dostluk toparynyň başlygy Beus Rijhemberg we Zagreb Ýunus Emre institutynyň müdüri Fuat Korkmaz bilen birlikde köp sanly myhman gatnaşdy.

Türk kino-filmleriniň hepdeligi 6-njy noýabra çenli dowam eder.



Degişli Habarlar