Berlinde Yşyk festiwaly başlady

Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde şu ýyl 17-nji gezek geçirilýän Yşyk festiwaly başlady

1702895
Berlinde Yşyk festiwaly başlady

Şäheriň simwoly bolan 75 bina ýokary hilli 3D proýektorlar bilen tapawutly sungat işgärleri tarapyndan taýarlanan çeper we wizual illýustrasiýalar aýdym-sazyň ýoldaşlyk etmeginde şöhlelendirildi. 

Berlin sobory, Brandenburg gapysy we Berlin telewideniýe minarasy ýaly binalara şöhlelendirilen çeper we wizual illýustrasiýalara gelen myhmanlar uly gyzyklanma bildirdiler. 

Berlin Yşyk festiwaly 12-nji sentýabra çenli dowam eder. 


Etiketkalar: #festiwal , #yşyk , #Berlin

Degişli Habarlar