Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finala Gatnaşar
Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy Çehiýany 3-1 hasabynda ýeňip çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy
1699445
Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy 2021 Ýewropa çempionadynyň soňky 16 bäsleşiginde Çehiýany 3-1 hasabynda ýeňip çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy.
D toparynda 5 duşuşyk geçiren we duşuşyklarynyň ählisinde üstünlik gazanan woleýbolçy gyzlar soňky 16 bäsleşikde B toparynyň dördünisi Çehiýa bilen duşuşdy.
Bolgariýanyň Filibe şäherindäki duşuşykda Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy Çehiýani 3-1 hasabynda ýeňip çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy.
Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy çärýek finalda Polşa-Ukraina duşuşygynda üstün çykan komanda bilen bäsleşer.
Degişli Habarlar
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Samsuna Geldi
“Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsundan soň Trabzona gider.