Türkiýäniň 2020 Paralimpiýa oýunlarynda gazanan medallarynyň sany 30-a ýetdi

2020 Tokio Paralimpiýa oýunlarynda gazanan medallarynyň sanyny 7-ä ýetiren Türkiýe, Paralimpiýa oýunlary taryhyndaky jemi gazanan medallarynyň sanyny bolsa 30-a ýetirdi

1699286
Türkiýäniň 2020 Paralimpiýa oýunlarynda gazanan medallarynyň sany 30-a ýetdi

2020 Tokio Paralimpiýa oýunlarynyň 5-nji gününde ýaý atyjylyk toparyndan Öznur Jüre-Bülent Korkmaz, Türkiýäniň adyndan kümüş medala eýe boldylar. 

Ozal bolsa stoluň üstünde oýnalýan tenis boýunça Ali Öztürk, Nesim Turan, Kübra Korkut, dzýudo boýunça Rejep Çiftçi, Zeýnep Çelik we agyr atletika boýunça Besra Duman bürünç medala eýe boldylar. 

Ýaponiýada geçirilýän 2020 Tokio Paralimpiýa oýunlarynda 1 kümüş we 6 bürünç medal gazanan Türkiýe, Paralimpiýa oýunlary taryhyndaky ilkinji medalyny 2004-nji ýylda ýaý atyjylyk spordynda Muharrem Korhan Ýamaç bilen gazanypdy. 



Degişli Habarlar