Arslandepe Dünýäniň Medeni Miras Sanawyna Goşuldy

Malatýanyň Battalgazi etrabynda ýerleşýän Arslandepe Hoýýugy, ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Medeni miras sanawyna goşuldy.

1680677
Arslandepe Dünýäniň Medeni Miras Sanawyna Goşuldy
arslantepe hoyugu1.jpg
arslantepe hoyugu.jpg

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, biziň eýýamymyzdan ozalky 4-nji müň ýylyň dowamynda Gündogar Anadoly we Messopotamiýa medeniýetlerinde döwletiň gurluşyna we döwrüň ösüşine şaýatlyk eden Arslandepe Hoýýugy, Dünýäniň Medeni mirasy komitetiniň onlaýn görnüşde geçirlen 44-nji maslahatynda kabul edilen karara laýyklykda Dünýäniň Medeni miras sanawyna goşuldy.

Hoýýugyň, Ýakyn Gündogarda ilkinji döwletiň ýüze çykmagyna şaýatlyk etmegi, sebitiň ykdysadyýetine gözegçilik edendigi ýaly birnäçe özboluşlylygy, dünýäniň medeni mirasy hökmünde kabul edilmeginde esasy rol oýnady.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýäniň ýene-de bir medeni baýlygy dünýäniň medeni miras sanawyna goşuldy. Arslandepe Hoýýugy Dünýäniň Medeni mirasy komitetiniň onlaýn görnüşde geçirlen 44-nji maslahatynda kabul edilen karar bilen ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Medeni miras sanawyna alyndy. Düşümli bolsun” diýdi



Degişli Habarlar