Woleýbolçy Gyzlar Ertir ABŞ Bilen Bäsleşer

Türkiýe wagty bilen 20.30-da başlajak bäsleşik TRT Sport kanaly arkaly ýaýlyma berler.

1663309
Woleýbolçy Gyzlar Ertir ABŞ Bilen Bäsleşer

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FIVB Milletler ligasynyň final bäsleşiginde ertir ABŞ bilen bäsleşer.

Italiýanyň Rimini şäherinde geçirlen FIVB Milletler ligasynyň birinji tapgyr bäsleşikleriniň netijesinde ABŞ birinji, Braziliýa ikinji, Ýaponiýa üçünji we Türkiýe hem dördünji ýeri eýeledi.

Şeýlelikde ABŞ, Braziliýa, Ýaponiýa we Türkiýe dörtlü final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Woleýbolçy gyzlar final bäsleşiginde ertir ilki ABŞ bilen bäsleşer.

Türkiýe wagty bilen 20.30-da başlajak bäsleşik TRT Sport kanaly arkaly ýaýlyma berler.



Degişli Habarlar