Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysy çempion boldy

Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysy, Belgiýada geçirilen 2021 CEV Ýewropa Altyn liganyň finalynda Ukrainanyň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňip, ýeňlişsiz çempion boldy

1661912
Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysy çempion boldy

Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysy, ligada geçiren 8 aýry duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, ýarym finalda Estoniýanyň ýygyndysyny 3-2 hasabynda, finalda bolsa Ukrainanyň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna 2-nji gezek ýeňlişsiz çempion boldy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, sosial media hasabyndan 2021 CEV Ýewropa Altyn liganyň çempiony bolan Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysyny gutlady. 

Prezident Erdogan: "Ýewropa Altyn ligasynda yzyly-yzyna 2-nji gezek çempion bolup bizi buýsandyran Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip belledi. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop we Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý hem sosial media hasaplaryndan beren beýanatlarynda, 2021 CEV Ýewropa Altyn liganyň çempiony bolan Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysyny gutladylar. 

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Kasapogly hem beren beýanatynda, 2021 CEV Ýewropa Altyn liganyň çempiony bolan Türkiýäniň Milli Woleýbol ýygyndysyny gutlady. 



Degişli Habarlar