Rus wekiliýeti syýahatçylyk zolaklarynda barlag işlerini geçirmäge başlady

Wekiliýetiň habarnamasynyň şu hepde aýan edilmegine garaşylýar

1660125
Rus wekiliýeti syýahatçylyk zolaklarynda barlag işlerini geçirmäge başlady

Russiýa Federasiýasyndan Türkiýedäki syýahatçylyk sebitlerinde lukmançylyk we epidemiologiki ýagdaýy ýerinde barlamak maksady bilen ugradylan wekiliýet Antalýada barlag işlerine başlady. 

Türkiýäniň Syýahatçylyk tanyşdyrylyş we özgeriş agentliginden berilen beýanata görä, wekiliýetiň taýarlajak habarnamasy Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky syýahatçylyk maksatly uçar saparlarynyň başladylmagy bilen bagly kararada täsiri bolar. 

Şu gün irden Antalýa baran we ilkinji barlaglaryny Antalýa howa menzili bilen 2 aýry myhmanhanada geçiren wekiliýet, Antalýada "Howpsyz syýahatçylyk şahadatnamasyny" alan desgalara baryp, ol ýerde döwlet resmilerinden we pudagyň wekillerinden maglumat alarlar. 

Wekiliýetiň habarnamasynyň şu hepde aýan edilmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar