Türk Ştangaçylar Özbegistanda Taryh Ýazdy

Bütindünýä ştanga çempionadyna gatnaşan türk türgenler 18 medalyň eýesi boldy

1649298
Türk Ştangaçylar Özbegistanda Taryh Ýazdy

 

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirlen Bütindünýä Ýaşlar ştanga çempionadyna gatnaşan 10-y erkek, 11-i zenan 21 türgen 6 altyn, 6 kümüş we 6 bürünç medal aldy.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan ştanga komandasy 17 ýyl soň 672 bal bilen birinji orny eýeledi.

Çempionatda 608 bal bilen Russiýa ikinji, 594 bal bilen ABŞ üçünji orny eýeledi.

Zenanlaryň arasynda Jansu Berk 3 altyn, Melisa Güneş 2 kümüş we 1 bürünç medal aldy.

Milli türgen Jansel Özkan 2 kümüş, Dilara Uçan 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç, Nuran Ýalçyn bolsa 1 bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkiýäniň Milli ýygydyny erkek ştanga komandasy bolsa 572 bal bilen çempionatda ikinji orny eýeledi.



Degişli Habarlar