Türkiýäniň milli ştangaçysy dünýä çempiony boldy

Jansu Bektaş zenanlaryň arasynda 45 kg agyrylygynda bäsleşip, 3 altyn medala eýe boldy

1644202
Türkiýäniň milli ştangaçysy dünýä çempiony boldy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Ýaşlaryň arasyndaky Bütindünä Agyr atletika çempionatynda Türkiýäniň milli türgeni Jansu Bektaş zenanlaryň arasynda 45 kg agyrylygynda bäsleşip, 3 altyn medala eýe boldy. 

Çempionatyň ilkinji gününde zenanlaryň arasynda 45 kg agyrylygynda bäsleşen türk milli türgeni Jansu Bektaş, birden götermekde 70 kg, itekläp götermekde 84 kg we jemi bolsa 154 kg bilen 3 altyn medala eýe bolup, dünýä çempiony adyna eýe boldy. 

Şol agramda bäsleşen ýene-de bir türk türgen bolan Melisa Güneş bolsa birden götermekde 69 kg, itekläp götermekde bolsa 80 kg üçin bürünç medala we jemi bolsa 149 kg bilen kümüş medala eýe boldy. 



Degişli Habarlar