Ibrahim Eren TRT-däki radio işgärlerini gutlady

TRT-nyň Baş müdüri Ibrahim Eren, TRT-nyň radiolaryny geljege ýetirmek üçin ähli güýji bilen işleýändiklerini habar berdi

1635499
Ibrahim Eren TRT-däki radio işgärlerini gutlady

TRT Radio ýaýlymlaryň başlamagynyň 94-nji ýylyny belläp geçýär. 

Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasy TRT-niň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Baş müdüri Ibrahim Eren, TRT Radiosynyň döredilen gününiň 94 ýyllygy mynasybetli işgärlere ugradan gutlag hatynda, 1 asyra golaý wagt bäri dowam edýän ýaýlymyň bu şanly gününde TRT-däki radio işgärlerini gurtlady. 

Ibrahin Eren: "Radio adamy islendik pursat öz täsiri astyna alýan syrly ýagdaýy we onuň iň owadan duýgularyny öz düzüminde jemlemegi bilen geçmişden geljege berk bir köpri, köňülden köňüle üznüksiz bir ýol bolmak aýratynlygyny şu günki gün hem dowam etdirýär" diýip belledi. 

TRT hökmünde radionyň gadyryny bilýändiklerini aýdan Ibrahim Eren, koronawirus epidemiýasy bilen gelen kynçylyklara garamazdan pidakärlik bilen işleýän alyp baryjylara, prodýuserlere, TRT-nyň sungat işgärlerine we ähli işgärlerine aýry-aýry minnetdarlyk bildirdi. 


Etiketkalar: #gutlag , #Ibrahim Eren , #radio , #TRT

Degişli Habarlar