Meksikada Maýa siwilizasiýasyna degişli bolan gowak tapyldy

Meksikada ýüze çykarylan gowaklaryň birinde Maýa siwilizasiýasyndan galan adamlaryň elleriniň yzlary tapyldy

1632526
Meksikada Maýa siwilizasiýasyna degişli bolan gowak tapyldy

Şu günki günden takmynan 1200 ýyl ozala degişli bolan elleriň yzlarynyň aglabasynyň çagalara degişlidigi aýan edildi. 

Meksikanyň Ýukatan ýarymadasynyň demirgazyk böleginde tapylan gowak ýeriň 10 metr aşagynda ýerleşýär. 

Gowakda ýüze çykarylan täze tapyndy bolsa diwarlardaky gara, gyzyl we çal reňklerdäki 137 sany elleriň yzy. 

1200 ýyl ozala degişli bolan el yzlarynyň aglabasy ýetginjek ýaşa ýeten çagalara degişlidigi anyklandy. 

Maýa siwilizasiýasynda gara reňk ölümi, gyzyl reňk bolsa söweşi ýa-da ýaşaýyşy alamatlandyrýar. 

Maýa siwilizasiýasy 1500-nji ýyllaryň başynda materige baran ispaniýalylar tarapyndan ýumruldy. 

Maýalaryň nebereleri häzirki wagtda hem Meksikanyň günorta-gündogary bilen Gwatemala we Beliz döwletlerinde ýaşaýar. 


Etiketkalar: #gowak , #Meksika , #Maýa

Degişli Habarlar