Hakan Çalhanogly gol atdy, Milan duşuşykda üstünlik gazandy...

Italiýanyň 1-nji futbol ligasynyň (Serie A) 34-nji hepdesinde Milan komandasy duşuşyk geçiren Benewento komandasyny 2-0 hasabynda ýeňdi

1632365
Hakan Çalhanogly gol atdy, Milan duşuşykda üstünlik gazandy...

Milan şäherindäki San Siro stadionynda geçirilen duşuşykda, liganyň öňdebaryjy komandalarynyň biri bolan Milan bilen ligada galmak üçin tagalla edýän Benewento komandasy duşuşyk geçirdi. 

Duşuşyga ilkinji 11-likde başlan türk milli futbolçysy Hakan Çalhanogly, 6-njy minutda Milany 1-0 hasaby bilen öňe geçiren pökgini atdy. 

Milan komandasy bu gol bilen duşuşygyň ilkinji ýarymyny öňde tamamlady. 

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda Milan, Theo Hernandeziň geçiren pökgüsi bilen hasaby 2-0-a ýetirdi. Duşuşyk 2-0 hasaby bilen Milanyň ýeňişi bilen tamam boldy. 



Degişli Habarlar