Türkiýäniň milli pälwany Ryza Kaýaalp Ýewropanyň çempiony boldy

Türkiýäniň milli pälwany Ryza Kaýaalp, Ýewropanyň Göreş çempionatynda grek-rim göreşi boýunça 130 kg agyrlygynda altyn medala eýe boldy

1627876
Türkiýäniň milli pälwany Ryza Kaýaalp Ýewropanyň çempiony boldy
riza kayaalp avrupa sampiyonu1.jpg
riza kayaalp avrupa sampiyonu.jpg

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilýän Ýewropanyň Göreş çempionatynyň 6-njy gününde Türkiýäniň milli pälwany Ryza Kaýaalp, göreşiň grek-rim görnüşi boýunça 130 kg agyrlygynda final tutluşygynda Gruziýaly Iakobi Kajaia bilen göreşdi. 

Gruzin bäsdeşini 3-1 hasabynda ýeňen Ryza Kaýaalp, 10-njy gezek Ýewropa çempiony boldy. 

Iň köp gezek Ýewropa çempiony bolan türk pälwany adyna eýe bolan Ryza Kaýaalp, özüne degişli bolan rekordy täzeledi. 

Milli pälwany mundan başgada 4 gezek dünýä çempiony, bolupdy, Olmpia oýunlarynda 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolupdy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 10-njy gezek Ýewropa Çempiony bolan türk milli pälwan Ryza Kaýaalpa telefon arkaly jaň edip, ony gutlady. 

Prezident Erdogan milli pälwandan Tokio Olimpia oýunlarynda hem çempionlyk garaşýandygyny belledi. 



Degişli Habarlar