Türkiýäniň Milli pälwany Taha Akgül 8-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy

Dünýä we olimpiada çempiony bolan Türkiýäniň milli göreşjisi Taha Akgül, rus türgen Sergeý Kozyrewden üstün çykyp 8-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy

1626053
Türkiýäniň Milli pälwany Taha Akgül 8-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy

Polşanyň paýtagty Waşrşawa şäherinde dowam edýän Ýewropa Göreş çemiponatynda erkin göreş boýunça 125 kg agyrlygynda göreşen Taha Akgül, ilkinji turda 3 gezek dünýä çempiony bolan Gruziýaly Geno Petriaşwilini, çärýek finalda polşaly Kamil Tomaş Kosçoleki, ýarym finalda belarussiýaly Dzianis Hramýankowy ýeňip finala çykdy. 

Finalda Ýetginjekleriň olmpiadasynyň çempiony bolan rus Sergeý Kozyrew bilen duşuşyk geçiren türk milli türgen, tutluşygyň soňky bölüminde garşydaşynyň agressiw hereketleriniň öňünde asuda galmagy başardy we tutluşygy 9-2 hasaby bilen bitirip, 8-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Ýaşlar we sport minisri Mehmet Muharrem Kasapogly, Respublikan Halk Partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly Taha Akgüli gutladylar. 



Degişli Habarlar