Wedat Albaýrak Ýewropanyň çempiony boldy

Ýewropanyň Dzýudo çempionatynda türk milli türgen Wedat Albaýrak, altyn medala eýe boldy

1623497
Wedat Albaýrak Ýewropanyň çempiony boldy
judo Vedat Albayrak.jpg
judo Vedat Albayrak.jpg

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde geçirilen Ýewropanyň Dzýudo çempionatynyň 2-nji gününde 81 kg agyrylygynda çykyş eden Wedat Albaýrak, ilkinji tapgyry şeýle geçdi. Ikinji tapgyrda bolsa azerbaýjanly Murad Fatiýewi, 3-nji tapgyrda fransuz Nikolas Çilardy, çärýek finalda russiýaly Aslan Lappinagowy we ýarym finalda portugaliýaly Anri Egutidzeden üstün çykyp finala çykdy. 

Final tutluşygynda belgiýaly Mattias Kass bilen bäsleşen we bäsdeşini ýeňen Wedat Albaýrak, öz agram derejesinde Ýewropa çempiony boldy. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop we Ýaşlar we sport ministri Mehmet Kasapogly sosial media hasaplaryndan beren beýanatlarynda, çempionatda altyn medala eýe bolan Wedat Albaýragy gutladylar. 



Degişli Habarlar