Beşiktaş Super Ligadaky liderligini dowam etdirýär

Beşiktaş çempionlyk ýolundaky ýene-de bir päsgelçiligi hiç hili ýitgisiz geçdi

1619396
Beşiktaş Super Ligadaky liderligini dowam etdirýär

Beşiktaş komandasy Super Liganyň 34-nji hepdesinde Büýükşehir Belediýe Erzurumspor komandasyny 4-2 hasabynda ýeňdi. 

Beşiktaş çempionlyk ýolundaky ýene-de bir päsgelçiligi hiç hili ýitgisiz geçdi. 

Garşydaş komandanyň meýdançasynda Büýükşehir Belediýe Erzurumspor komandasy bilen duşuşyk geçiren Beşiktaş komandasy, ýeňiş gazandy. 

Beşiktaş komandasynyň pökgülerini garşydaş komandanyň derwezesine 10-njy minutda Kaýl Larin, 26-njy minutda Oguzhan Özýakup, 66-njy minutda Raşid Ghezzal, 86-njy minutda Gökhan Töre geçirdi. 

Büýükşehir Belediýe Erzurumspor komandasynyň pökgülerini bolsa 16-njy minutda Leo Şwehlen, 39-njy minutda Emrah Başsan geçirdi. 

Ligadaky 22-nji ýeňişini gazanan Beşiktaş, balyny 70-e ýetirdi. 

Büýükşehir Belediýe Erzurumspor bolsa ligadaky 17-nji ýeňilişine sezewar bolup, baly 28-de galdy. 

 



Degişli Habarlar