Prezident Erdogan Woleýbol Federassiýasynyň Ýolbaşçylaryny we Türgenlerini Kabul Etdi

Woleýbolçylar Naz Aýdemir Akýol bilen Eda Erdem Dündar Prezident Erdogana woleýbola berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy

1618487
Prezident Erdogan Woleýbol Federassiýasynyň Ýolbaşçylaryny we Türgenlerini Kabul Etdi

 

Prezident R. T. Erdogan düýn Stambulda Türkiýe Woleýbol federassiýasynyň ýolbaşçylaryny we türgenlerini kabul etdi.

Dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan woleýbolçylar Naz Aýdemir Akýol bilen Eda Erdem Dündar Prezident Erdogana woleýbola berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.

Türkiýe Woleýbol federassiýasynyň ýolbaşçylary we türgenleri Prezident Erdogana ýadigärlik sowgat gowşurdy.

Beýleki tarapdan kabul edilşige gatnaşan Kubanyň raýaty Fenerbahçe zenan wolaýbol komandasynyň türgeni Melissa Teressa Wargasyň Türkiýäniň raýatlygyna kabul edilendigi we mundan soň Türkiýäniň milli ýygyndy woleýbol komandasynyň hatarynda bäsleşiklere gatnaşjakdygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar