Türkiýäniň milli ştangaçysy Daniýar Ismailow Ýewropa çempiony boldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän çempionatyň 4-nji gününde Türkiýäniň milli türgenleri bäsdeşdiler

1616681
Türkiýäniň milli ştangaçysy Daniýar Ismailow Ýewropa çempiony boldy

Türkiýäniň milli ştangaçysy Daniýar Ismailow, Agyr atletika boýunça Ýewropa çempionatynda 2 altyn medal gazanyp, Ýewropanyň çempiony adyna eýe boldy.  

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän çempionatyň 4-nji gününde Türkiýäniň milli türgenleri bäsdeşdiler. 

Erkekleriň arasynda 73 kg agyrlygynda bäsleşen asly Türkmenistanly bolan Daniýar Ismailow, birden götermekde 160 kg galdyryp, Ýewropa rekordyny täzeledi we altyn medala eýe boldy. 

Itekläp götermekde 181 kg galdyran 29 ýaşyndaky Daniýar Ismailow, jemi bolsa 341 kg dereje bilen altyn medala ýetdi we Ýewropanyň Çempiony adyna eýe boldy. 



Degişli Habarlar