Warank: "Türkiýäniň animasiýa pudagyndaky mümkinçilikleri artýar" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň animasiýa pudagyndaky mümkinçilikleriniň artýandygyny habar berdi

1609895
Warank: "Türkiýäniň animasiýa pudagyndaky mümkinçilikleri artýar" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, TRT Çojuk kanalynda görkezilýän "Rafadan Taýfa" atly multfilm serialynyň taýarlanýan studiýa baryp gözegçilik işlerini geçirdi. 

Mustafa Warank animasiýa pudagynyň ähmiýetine ünsleri çekip: "Türkiýe kinemotografiýa we serial pudagy boýunça örän uly işler edýär. Filmerimizi, seriallarymyzy daşary ýurtlara eksport edip bilýäris, bu möhüm girdeji çeşmämiz. Animasiýa pudagynda hem soňky döwürde uly işler amala aşyrdyk" diýip beýan etdi. 

Mustafa Warank beren beýanatynda, animasiýa pudagynyň ähmiýetine ünsleri çekip: "Türkiýede bu ugurdaky mümkinçilikler günsaýyn artýar, Rafadan Taýfa dünýä markasyna öwrüldi" diýip belledi. 

Bular ýaly işleriň ösmeginde döwlet ýaýlym organlarynyň ähmiýetiniň uludygyny aýdan Mustafa Warank, TRT-nyň bu ugura maýa goýmagynyň möhümdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar