Türkiýäniň futbol ýygyndysynyň ýene-de bir ýeňişi

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy, ýene-de bir taryhy ýeňiş gazandy

1609769
Türkiýäniň futbol ýygyndysynyň ýene-de bir ýeňişi

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 2022 FIFA Bütindünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň 2-nji duşuşygynda Norwegiýanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňdi. 

Türkiýäniň ýygyndysy 2022 FIFA Bütindünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde G toparynda, Gollandiýanyň ýygyndysyndan soň, indi bolsa Norwegiýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. 

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy Ispaniýada geçirilen duşuşykda Nowregiýany 3-0 hasabynda ýeňip, öz toparynda lider boldy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Prezidentiň orunabasary Fuat Oktaý, TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop Türkiýäniň milli futbol ýygyndysyny Norwegiýanyň ýygyndysyny ýeňmegi sebäpli gutladylar. 

Beýleki tarapdan FIFA hem öz gezeginde 2022 FIFA Bütindünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde G toparynda 2-nji duşuşygynda Norwegiýanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňen Türkiýäni gutlady. 



Degişli Habarlar