Türk Türgenleri 3 Medal Aldy

Tokýo olimpiadalayrna gatnaşmaga hukuk gazanan milli türgenleriň sany 7-ä ýetdi.

1605048
Türk Türgenleri 3 Medal Aldy
evin demirhan.jpg
serbest milli guresciler.jpg

 

Wengriýada geçirlen Tokio olimpiada oýunlarynyň Ýewropa boýunça seçip alyş bäsleşiklerinde erkin göreş boýunça milli türgenlerden Süleýman Karadeňiz bilen Osman Göçen kümüş, Selahattin Kylyçsallaýan bolsa bürünç medal aldy.

Türkiýe Göreş federassiýasyndan berlen beýannamada görä, milli göreşçi Süleýman Karadeňiz 97 kilogram agyrlykda belarusly Aleksandr Hustýandan 4-3 hasabynda ýeňilip kümüş medal aldy.

86 kilogram agyrlykda bäsleşen Osman Göçen bolsa finalda belarusly Ali Şabanudan 7-0 hasabynda ýeňilip kümüş medalyň eýesi boldy.

Erkin göreşde 65 kilogram agyrlykda bäsleşen Selahattin Kylyçsallaýan bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Zenanlaryň arasynda 50 kilogram agyrlykda bäsleşen Ewin Demirhan bolsa ýarym finalda fransuz bäsdeşigi 5-1 hasabynda ýeňip Tokio olimpiadalaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde göreş boýunça Tokio olimpiadalayrna gatnaşmaga hukuk gazanan milli türgenleriň sany 7-ä ýetdi.



Degişli Habarlar