Jüneýit Çakyr Borussiýa Dortmund-Sewilýa duşuşygynyň emin agzasy bolar

Germaniýanyň Dortmund şäherindäki Signal Iduna Park stadionynda geçiriljek duşuşyk, Türkiýäniň wagty bilen sagat 23:00-da başlar

1596768
Jüneýit Çakyr Borussiýa Dortmund-Sewilýa duşuşygynyň emin agzasy bolar

FIFA lisenziýasy bolan türk emin agza Jüneýit Çakyr, UEFA Çempionlar ligasynyň 16-lyk tapgyrynda 9-njy martda sişenbe güni Germaniýanyň Borussiýa Dortmund komandasy bilen Ispaniýanyň Sewilýa komandasynyň arasynda geçiriljek jogap duşuşygynyň emin agzasy bolar. 

Türkiýäniň Futbol Federasiýasy tarapyndan berilen beýanata görä, duşuşykda Jüneýit Çakyra Bahattin Duran we Taryk Ongun kömek berer. Duşuşygyň 4-nji emini bolsa Arda Kardeşler bolar. 

Germaniýanyň Dortmund şäherindäki Signal Iduna Park stadionynda geçiriljek duşuşyk, Türkiýäniň wagty bilen sagat 23:00-da başlar. 



Degişli Habarlar