Real Madrid Walensiýa komandasyny ýeňdi

Ispaniýanyň 1-nji Futbol ligasy bolan Li Liganyň 23-nji hepdesinde Real Madrid öz meýdançasynda Walensiýa komandasyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy

1583687
Real Madrid Walensiýa komandasyny ýeňdi

Real Madridiň garşydaş komandanyň derwezesine pökgüleri 12-nji minutda Karim Benzema we 42-nji minutda Toni Kroos geçirdi. 

Ligadaky balyny 49-a ýetiren Real Madrid, 1 duşuşyk az geçiren Barselonanyň öňüne geçip, 2-nji orunda barýar. 

Walensiýa komandasy bolsa 24 baly bilen 12-nji ornunda galdy. 

La Ligada lider ýagdaýda bolan we 1 duşuşyk az geçiren Atletiko Madrid komandasy bolsa 54 baly bilen çempionlyk bäsleşiginde beýleki komandalara garanyňda uly artykmaçlyga eýe. 



Degişli Habarlar