Jon Trawoltanyň aýaly rak keselinden ýogaldy

Amerikaly aktýor Jon Trawoltanyň özi ýaly sungat işgäri bolan aýaly Kelly Preston, rak keseli sebäpli ýogaldy

1455143
Jon Trawoltanyň aýaly rak keselinden ýogaldy

Jon Trawolta, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, eýýäm 2 ýyl bäri göwüs ragy sebäpli bejergi alýan aýalynyň ýogalandygyny habar berdi. 

Özi ýaly sungat işgäri bolan 57 ýaşyndaky Kelly Preston, "Ekizler" we "Täze bir başlangyç" ýaly Golliwudyň ençeme filminde oýnady we gepleşiklere gatnaşdy. 

Trawolta we Preston, 1988-nji ýylda oýnan "Hünärmenler" atly filmde tanyşypdylar we 28 ýyl bäri bile ýaşaýardylar. 

Iki gyzy bolan Trawolta we Preston, soňky gezek 2018-nji ýylda terjime edilen "Gotti" filminde bilen oýnapdylar. 


Etiketkalar: #kesel , #rak , #Golliwud , #aktýor

Degişli Habarlar