Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň topary ýaryşda 1-nji oruna mynasyp boldy

Gresiýa 2 müň 991 bal bilen 2-nji oruna, 2 müň 950 bal bilen bolsa Kosowa 3-nji oruna mynasyp boldy

1437947
Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň topary ýaryşda 1-nji oruna mynasyp boldy

Ortaýer deňiz Küşt bileleşigi we Halkara Küşt federasiýasy tarapyndan "Koronawirusy mat et" taslamasynyň çäginde onlaýn görnüşde geçirilen Ortaýer deňiz topar oýunlary tamam boldy. 

Türkiýäniň Küşt Federasiýasyndan berilen beýanata görä, 3 hepde dowam edýän final turniriniň netijesinde Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň topary "Bullet" kategoriýasy boýunýça çempion boldy. 

Ýaryşyň "Bullet" kategoriýasynda Kosowanyň, Gresiýanyň, Müsüriň, çernogoriýanyň, Alžiriň, Liwanyň, Albaniýanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň toparlary bilen bäsleşen Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň topary, 3 müň 319 bal ýygnap, ilkinji oruna mynasyp boldy. 

Gresiýa 2 müň 991 bal bilen 2-nji oruna, 2 müň 950 bal bilen bolsa Kosowa 3-nji oruna mynasyp boldy. 


Etiketkalar: #ýaryş , #küşt , #Türkiýe

Degişli Habarlar