Ispaniýanyň La ligasynda Barselona çempionlygyny yglan etdi

Ispaniýanyň 1-nji Futbol ligasynda (La Liga) 2018-2019 futbol möwsüminiň çempiony Bareselona komandasy boldy

1191324
Ispaniýanyň La ligasynda Barselona çempionlygyny yglan etdi

La Liganyň 35-nji hepdesinde Lewante bilen oýnan Bareslona, duşuşygy 1-0 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.

La Ligada Atletiko Madrid bilen arasyndaky 9 ballyk tapawudy goran Barselona, möwsümiň tamamlanmagyna 3 hepde galanda taryhyndaky 26-njy çempionlygyny yglan etdi.  

Kamp Nou stadionynda 91 müň 917 janköýeriniň öňünde çempionlygyny yglan eden Barselona komandasy, ligada şu wagta çenli oýnan 35 oýnunyň 25-sinde ýeňiş gazandy, 8-ini deňme-deň tamamlady we 2 gezek bolsa ýeňildi.

Bu möwsüm ähli çempionatlarda ýoluny dowam etdiren Barselona, Şa kubogy boýunça 25-nji maýda Walensiýa bilen final duşuşygy geçirer. Barselona mundan başgada Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda 1-nji we 7-nji maýda Britaniýanyň Liwerpul komandasy bilen oýnar.


Etiketkalar: #Barselona , #La Liga , #çempion

Degişli Habarlar