Dünýä Kubogynda şu gün topariçi duşuşyklar tamamlanar

Russiýada geçirilýän 2018 FIFA Dünýa Kubogynda şu gün geçiriljek 4 duşuşyk bilen topariçi bäsleşikler tamamlanar

1001695
Dünýä Kubogynda şu gün topariçi duşuşyklar tamamlanar

G we H toparlarynda şu gün 8 ýygyndy özara bäsleşer.

H toparyndaTürkiýäniň wagty bilen sagat 17:00-da Ýaponiýa-Polşa we Senegal-Kolumbiýa bilen bäsleşer.  

Wolgograd Arena stadionynda geçiriljek Ýaponiýa-Polşa duşuşygy TRT 1 kanalyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler.

Samara Arena stadionynda geçiriljek Senegal-Kolmbiýa duşuşygy bolsa TRT SPOR kanalyndan görekziler.

G toparynda bolsa Britaniýanyň ýygyndysy Belgiýa bilen Kaliningrad stadionynda bäsleşer.

Duşuşyklaryň ikisi hem Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:00-da başlar.

Britaniýa-Belgiýa duşuşygy TRT 1 kanalynda, Panama-Tunis duşuşygy bolsa TRT SPOR kanalyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler.



Degişli Habarlar