Bilejikde TRT Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwalynyň çäginde çäre geçirildi

TRT Halkara 23-nji Aprel Çagalar Festiwaly Şu Ýyl Bursada Geçiriler

953878
Bilejikde TRT Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwalynyň çäginde çäre geçirildi

Şu ýyl Bursada geçiriljek TRT Halkara 23-nji Aprel Çagalar Festiwalyna gatnaşýan çagalar Bilejik şäherinde ýurtlarynyň milli tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Şeýn Edebali medeniýet we kongres merkezinde geçirilen çärä türk okuwçylar bilen birlikde Bolgariýadan, Owganystandan we Gwineýadan gelen okuwçylar özleriniň milli tanslary bilen çykyş etdiler.

Takmynan 1 sagat dowam eden tanslar gelen myhmanlar tarapyndan uly şowhun bilen tomaşa edildi.

Bilejikdäki çäre TRT Çaga kanalynda görkezilýän multikleriň gahrymanlary tarapyndan taýarlanan sahnadan soň tamam boldy.


Etiketkalar: #festiwal , #Bursa , #Bilejik , #tans , #tomaşa

Degişli Habarlar