Halkara TRT 23-nji Aprel Çagalar Festiwaly Başlady

Şu ýyl geçirilýän Halkara TRT 23-nji aprel Çagalar festiwalynyň çäginde “Fotosuratlar bilen 40 ýyl” sergisi açyldy

952487
Halkara TRT 23-nji Aprel Çagalar Festiwaly Başlady

“Taýýare” medeniýet merkezinde açylan sergide döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň “23-nji aprel Çagalar festiwaly” torty kesildi.

Bursa welaýatynyň gubernatory İzzettin Küçük dabarada sözlän sözünde Bursanyň halkynyň 10 günüň dowamynda dünýäniň çar tarapyndan geljek çagalary myhman aljakdygyny aýtdy.

Gubernator Küçük, festiwalyň Bursada geçirilmegine hoşallyk bildirip; “Dünýäniň ajaýyp çagalary, sizi bu ýerde myhman almak bizi bagtyýar edýär. Sizi Bursada myhman etmegiň bizi nähili begendirendigini, buýsandyrýandygyny aýdmaga söz tapamok. Siz nähili gowy, siziň Bursa gelmegiňiz nähili begendiriji. 10 günüň dowamynda Bursada bolarsyňyz. Biri-birinden gowy folklor oýunlary, aýdym-saz we beýleki çykyşlar siz tarapyndan ýerine ýetiriler. 10 günüň dowamynda şäherimiziň gözelligine gözellik goşarsyňyz. Bursalylar sizi bagryna basar” diýdi.

Çykyşlardan soň 23-nji aprel festiwallaryndan alynan fotosuratlardan ybrat bolan “Fotosuratlar bilen 40-njy ýyl” sergisi açyldy.

Çärä TRT-niň baş müdiriniň orunbasary Zeki Çiftçi hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar