Türkiýe göreşde 6 medal gazandy

Horwatiýada geçirilýän Golden Grand Prix bäsleşiginde türk pälwanlar 6 medalyň eýesi boldylar

903131
Türkiýe göreşde 6 medal gazandy

Türkiýäniň Göreş federasiýasyndan berilen beýanata görä paýtagt Zegrebde göreşiň greko-rim görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkiýäniň ýygyndysy 1 altyn, 3 kümüş, 2 bürünç medal gazandy.

Türkiýäniň pälwanlary gazanan 136 baly bilen ýygyndylaryň arasynda 1-nji oruna mynasyp boldy.

Ýaryşda 55 kg agyrlygynda Doguş Aýazjy altyn medala, 53 kg agyrlygynda Rahman Biliji, 72 kg agyrlygynda Ýunus Özel, 130 kg agyrlygynda Ramazan Sary kümüş medallara, 55 kg agyrlygynda Müslüm Alynly, 67 kg agyrlygynda Wolkan Çakyl bolsa bürünç medallara eýe boldylar.



Degişli Habarlar