“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň ilkinji tapgyryny geçdi

“Ahal” futbol topary iki duşuşygyň umumy netijeleri boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi “Dordoý” (Bişkek) futbol toparyny ýeňip, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyryny üstünlikli geçdi

900308
“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň ilkinji tapgyryny geçdi

Bişkekde 3:1 hasabynda biziň toparymyzyň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdan soň, türkmen topary şu gün Balkanabatda garşydaşlary bolan gyrgyz futbolçylaryny kabul etdi. Myhmanlar azyndan üç pökgini derwezä geçirmelidi.

Myhmanlar ilkinji minutlardan ýer eýeleriniň derwezesine köp hüjüm geçirdiler. Birinji ýarymyň tutuş dowamynda biziň toparymyzyň derwezesiniň alkymynda howply pursatlar ýüze çykdy, emma goragda ýerine ýetirilen ynamly oýunlar hem-de derwezeçi Batyr Babaýewiň ussatlygy garşydaşyň hüjümlerini yza serpikdirdi. Türkmenistanlylara gyrgyzystanly futbolçylaryň öz jerime meýdançasynda ýalňyşmaklaryny gazanmak başartdy we on bir metrlik jerime urgusy bellenildi. “Dordoýyň” derwezeçisine “Ahalyň” kapitany Didar Hajiýewiň ilkinji urgusyny yzyna gaýtarmak başartdy, ýöne bu hereket ýerine ýetirilende düzgüniň bozulmagyna ýol berildi. Duşuşygyň emini oňa sary duýduryş kagyzyny görkezdi, on bir metrlik jerime urgusy bolsa täzeden ýerine ýetirildi. Bu gezek D. Hajiýew urgyny dürs ýerine ýetirdi.

Emma, myhmanlar ýeňilendigini boýun almak islemediler. Gyrgyz toparynyň oýunçysy, asly türkmenistanly Amir Gurbaniniň dürs urgularynyň ikisi bilen, “Ahal” toparynyň derwezesine pökgüler geçirildi. Duşuşygyň ahyry örän dartgynly boldy, ýöne 90-njy minutda Süleýman Muhadow hasaby 2:2 edip deňlemek bilen, iki tapgyrdaky garşy durmagyň gutarnykly netijesine getirdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary ýaryşyň indiki tapgyryna çykýar.

Indi, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyryna düşmek üçin “Ahal” topary soňky saýlama tapgyryny geçmeli bolar. Şonda biziň futbolçylarymyzyň garşysyna Täjigistanyň Kubogynyň eýesi “Hujand” topary çykar. (TDH)


Etiketkalar: #Aziýa , #Bişkek , #myhman , #Dordoý , #Ahal

Degişli Habarlar